www.fgks.org   »   [go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Kybla

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Styyx (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 08:30, 12 dekabr 2021 seneli wersiýa

Kybla (arap. قِبْلَة‎‎‎ — Şablon:IPA-AR «ugur, tarap», başga manylary «günorta, özüne çekiji merkez») musulmanlaryň ybadatda(namazda) bakýan tarapy. Birinji kyblä Ierusalimdäki Aska mesjididi, soňra aýat inmegi bilen Muhammed pygamber sahabalary bilen Mekkedäki Mesjidil Harama (Kabä) tarap bakypdyrlar.

(Eý, Muhammed!) Biz seniň (habara garaşyp) ýüzüňi asmana öwürýäniňi görýäris. Biz seni öz razy boljak kyblaňa hökman öwreris. Bes, sen (namazda) ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, musulmanlar!) Siz nirede bolsaňyz hem (namazda) ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Takyk, kitap berlenler onuň (kyblanyň Käbä tarap üýtgedilmeginiň) özleriniň Perwerdigärinden (gelen) hakykatdygyny, elbetde, (gowy) bilýärler. Alla olaryň edýän işlerinden gapyl däldir.

Kuran sura №2 («Sygyr»), aýat №114.

ABŞ harby goşuny
Petra; Yslam taryhy we arheologiýa boýunça gözlegçiniň Dan Gibson pikiriçe, bu Muhammet ýaşlygynda ýaşap, ilkinji aýanlaryny alan ýeri. Ilkinji musulman metjitleriniň we gonamçylyklarynyň görkezişi ýaly, bu musulmanlaryň ilkinji Kibla ugrydy.[1][2]

Kybläni tapmagyň usullary

Kompasly namazlyk
Mihrab

Google Maps

  1. Maps programmany açmaly.[3]
  2. «Adaty karta» görnüşini «emeli hemra» görnüşe geçirmeli.
  3. GPS açmaly.
  4. Kabede (21°25'21.08"N 39°49'34.25"E[4]) bellik 📍 goýup, «aralygy ölçeýjä» girmeli. Şol halda öz koordinataňa tarap çekmeli, ýagny öz öýüňe ýa-da mesjidiňe.

Ýeriň şar görnüşde bolany üçin tekiz kartada gök çyzyk egrelip biler.[5]

Matematik usul

Kabäni tapmak üçin Gawersinusyň formulasyny ulanýarys.

Kabäni tapmagyñ matematik usuly

ýa-da Çykan jogaby gradusda bolmaly. Meselem: ≈225°

Şeýle-de

Salgylanmalar

  1. Dan Gibson: Qur'ānic geography: a survey and evaluation of the geographical references in the qurãn with suggested solutions for various problems and issues. Independent Scholars Press, Surrey (BC) 2011, ISBN 978-0-9733642-8-6
  2. https://www.mdpi.com/2077-1444/11/3/102/htm
  3. Kybla tapyjy
  4. 21°25'21.08"N 39°49'34.25"E
  5. Google nädip kyblany tapýar?

Edebiýatlar

Daşky çygytlar

Kybla tapyjy saýtlar

Kybla tapyjy programmalar